Türkmençilik
The past was erased, the erasure was forgotten, the lie became the truth. George Orwell, 1984
O birini günäkärle,
bu birini günäkärle,
görme doly kartinany,
gygyr halkçy bolan bolup,
il tarapyn çalan bolup,
hem gylyç bol, hemem gyny,
dilin golda, pilin golda,
pyýada-da bolsa ýüz ýyl,
atyny öw, itini öw,
düýesin öw, dünýe maly,
goýunlary has üýtgeşik,
populist bol, ýöne bilýäň
olam oýnar öz oýnuny,
bulam oýnar öz oýnuny,
eger eli pully bolsa,
gerek ýerde gully bolsa,
urjak, ýarjak, gaýgyrmajak,
aýlyk berse, berse çörek,
ölmez-ödi, artykmaç däl,
ýa-da işden, güýçden kesip,
kesip okuw, maglumatdan,
gaz berýärin diýse arzan,
tok berýärin diýse arzan,
arzan köplük arzan baha
satsa özün, alajyň ýok,
o birini günäkärle,
bu birini günäkärle,
diýme ile batdyň batga,
çykylmajak bu golaýda,
türkmen ogly, türkmenlik et,
öz-özüň iý, galyp gaýda.