Erbet kitap
Şopengaueriň äheňinde
Erbet goşgy, erbet kyssa,
erbet kitap awy, zäher,
çagalykdan okamaly,
öwrenmeli diýseler kän,
ele düşen zady okap,
gözläp günde üýtgeşigin,
bagty gelip, tapyp galam,
hassamy ýa ýesir ýazan,
kemakylmy, akyllymy,
ýa köp bilip, azdan galan,
ýa ýitiren özün başdan,
agtarmagyň deregine,
gözlemegiň deregine,
gündizine çyra alyp,
tanap bilmän synlap daşdan,
ýa-da gulmy işiginde,
geçirenmi bütin ömrün
partiýanyň keşiginde?
Yza baksaň, kino ýaly,
uruşly ýa bolşewikli,
ogurladyp çagalygyň,
okap her bir ýazylany,
sen nireden çykanyňy,
geleniňi nirden nirä,
belki, bilmän geçip gitjek,
erbet kitap awy, zäher,
parhyn bilmän içip gitjek...
Okamasaň gowumy ýa,
nas dilenip, çilim diläp,
içen bilen içjek bolup,
göçen bilen göçjek bolup,
toý, tomaşa gözläp, bolsa
sadaka, ýas sypdyrmaýan,
adammy sen, galsaň gömük,
ýa okasaň, görseň, bilseň
karam oýnun mafiýanyň,
kanunlaşan, gözi ýiti,
olar seni goýberermi,
sypdyrarmy düşseň elden,
ýaragy bar, bar zyndany,
sakçylary güýçli, gödek,
burnuň syksa, çykjak janyň.
Sorag, sorag, ýene sorag,
adam bolsa, gerek gorag,
ýöne goran gul etmeli,
saklamaly diýse, şäher,
obalary agzyndan däl,
gözlerinden guýup zäher,
gulagyndan guýup awy,
beýnisinden awlamaly,
öz ýurdunda, öz öýünde,
ýok etmeli, ýagmalanyp,
radio, TW, gazet,
telefony bilen, ezýän,
bir sypat däl, dürli-dürli,
alyp barýar seni nirä,
nirelerden çykdyň sürlüp?