Deprem
Türkiýede, Siriýada bolan güýçli ýer titremleri Bergende, 1999-njy ýylda "Beýik XX tamam bolup ýör..." diýip, deprem sözüni ilki öwrenen günüm ýazan goşgymy ýadyma saldy. Şol wagtky duýgular bilen şu günki reallyklary deňeşdirmek üçin, ony täzeden, bolşy ýaly çap edýärin.
Fransuz telewideniýesinden Türkiýedäki ýer yranmalarynda ýykylan şäherlerden berlen reportažlary synladym. Çadyrlarda ýaralylar ýatyr. Gara kostýumly, ak köýnekli, owadan galstukly saglyk bakany ýaralylaryň ýanyna baryp, “Geçmiş olsun” diýip çykýar. Men onuň ýüzündäki biparhlygy sowet komunistleriniňkä meňzedýärin. Žurnalist çadyryň işiginde oturan aýallaryň ýanyna barýar. Olar hökümetden kömegiň azdygyny, ‘şunça çagam bar, halym perişan, çadyrda galdym’ diýseň, ‘näme üçin onça çaga dogurdyň?’ diýýändiklerini, saglyk bakany ýaly hal soramaga gelýänleriň bolsa, adamlaryň ýanyna gelip gürleşmeýändiklerini, milletden gorkýandyklaryny ýa-da keýplerini bozaslarynyň gelmeýändigini gürrüň berýärler. Kyrk ýaşlaryndaky biri hökümet wekiliniň ýanyna baryp, çadyrda hallarynyň perişandygyny, emma hiç ýerden kömek ýokdugyny, kimiň ýanyna baryp ýüz tutsa, başga ýere iberýändiklerini aýdýar, şeýle ýagdaýda hökümetiň nirä seredýändigini soraýar. Hökümet wekilem ähli zady öz üstünden sowup, zeýrenmäge durýar. Bir gelin ‘gyşam şu çadyrda geçirmeli boljak, nädeýin, gidere ýerim ýok, mejbury otyryn’ diýýär. Başga bir öýi ýykylan adam bolsa, aýaly bilen bar azabynyň kesegiň aşagynda galandygyndan zeýrenýär. ‘Adamlary deprem öldürenok, adamlary adamlar öldürýär. Gowy salnan jaýlar ýykylman dur, gowy salynmadyklar, gurluşyk materialy ogurlanyp satylan jaýlar ýykylýar’ diýýär.
Gözel Düzje,
seni baryp görmedim,
ýöne derdiň eşdip, ýerler sermedim...
Turjak boldum, galkyp turup bilmedim,
barjak boldum, ýortup baryp bilmedim.
Uzatdym ellerim, çenimden gysga,
aýakda hem dyzda galmady ysgyn...
Ekran nalasyndan lagşady süňňüm,
aňlaman halymy, sagmy ýa güň men,
gyz-oglan deý ýaşa ýuwup ýüzümi,
çagalamdan gizläp bukdum gözümi...
-- Gözmonjugy çagalary çyrladyp,
gül çeçegi gelinleri zarladyp,
atany çökerip, enäni maýryp,
ýary-ýardan, güli gülzardan aýryp,
nä günlere saldyň ili, Ýaradan?
Ýa gutulma ýokmy soňsuz ýaradan,
dertden, bela-beterlerden tükenmez,
günä eden günäsine ökünmez,
sütemkär guwanar sütemin sanap,
hökümdar guwanar ejizi gynap,
sowatly bisowat illeri çapar,
doklar gelip ajyň almasyn gapar,
göge atanyn däl, soňky azygyn,
eger hiç kes biljek däl öz ýazygyn...
A Ýer goduklaýar, çydaman, meger,
pelegiň şarpygy, gör, kime deger,
ýaşamy ýa garra, parhy ýok ýaly,
ýene kimleň küle çöker ykbaly... --
diýdim-de ellerim serdim asmana:
-- Nädip dözdüň, Allam, gapyl basmana?
Ömür hary-zar etmäge ynsany,
ýa ynsan ömründe ýokmy hiç many?
Elbet, hemme hudaý diýýär diňleseň,
emmaki ýaradar halsyz iňlese,
teşne suw dilese soňky deminde,
gallaç boýun bursa baýyň öňünde,
eger-eger, rehimi injek ýok,
ýatan bilen dert çekişip süýnjek ýok,
gaýta ýene ber diýýärler alanlar,
arşyň-kürsüň depesine galanlar...
Dik durjak bolany epip gidýärler,
ýykylan-sürşeni depip gidýärler.
Gözbaş agtaranyň gömüp sakasyn,
bag ekeniň jomurýarlar şahasyn.
Mal bakany mal deý soýjaklar üýşüp,
hemme tagamyny bilýändir göşüň...
Kimleriň derisi serler, bejerler,
kimler derlär, kimler şerap içerler...
Kimler don geýerler bezemen, artyk,
kimler gury geçer gider boş ýortup...
Ýakynlar ýat bolup barýar, eý, aman,
ýürekler buzlaşýar, sowaýar göwün.
Ýedi ýat keseki uzadýar çaý, nan,
gowşan ýaly edýär kalpdaky düwün...
Adam bar, peslik bar, beýiklik-de bar!
Adam ölýär, şükür, adamzat diri.
Adam pahyr dogup-döräp şermysar,
hem elmydam häzir ajalyň iri...
Ah, ajalyň iri, biwagty ýaman!
Alla, ajalyňam bolarmy wagty?
Nesimiň hamyna dykylan saman
egläp otyr bize gelmeli bagty!..
Deprem, bir-birekden alys biz, alys,
deprem, bir-birekden yrak biz, yrak.
Nesimiň gabryna örtülen kamys
Günbatar tümlügin kowmaly çyrak...
Emma, hany, kamys barmy, göwünler
garalykdan bulut deýin degşer, heý.
Simler gyrlyp, çöşlenmeli düwünler,
çözül nire, çigin-çigin çigşer, heý!
Deprem, nadan artyk, nebsiniň guly,
ýagtylygy halta salyp bogarly.
Deprem, adam barýar kowalap puly,
adam adammy ýa kelek dowarmy?!.
Adam adammy ýa nebsine eşek,
niýetine agta deýin baglanan?
Deprem, adam ölýär, yzada, bişek,
çaga ölýär, agysyna aglanan!
Derdin aňlamaly adamyň, alla!
Derdin aňlamaly gülüň, ýapragyň!
Gözüni açmaly nadanyň, walla,
dykyp dynman aşagyna topragyň...
Derdin aňlamaly kesegiň, ýeriň!
Daş astynda galmaly däl ömürler.
Emma aňa garşy durýar, geň görüň,
ha geň görmäň, göwündäki kömürler!
Uçup, Arşa çykyp ýörler adamlar,
Ýerde neşe çekip ýörler nadanlar.
Kimler gökden bakyp otyr tüm gije,
kim ýykyk ketekden çilip ýör jüýje...
Deprem, sim çekilen aralyklardan,
deprem, daş haýatlar beýikden-beýik.
Deprem, ynam gaçýar garalyklardan,
deprem, göwün synyk, tutmaz dek seýik...
Hamala milletler bir dogan däl-de,
aýry ýaly owal-başdan keseki.
Meger, adam ýanýar niýetden-pälden,
hem başyna geýýär daşy-kesegi...
Deprem, ýaşamaga wagtymyz çäkli,
ölmek üçin hatar million sebäp...
Eger her kim diýse, walla, men päkmi,
hemem öz ömründen ýapmasa kebap...
Ystambyl,
men seni baryp görmedim,
emma derdiň eşdip, ýerler sermedim.
Turjak boldum, galkyp turup bilmedim,
barjak boldum, ýortup baryp bilmedim.
Uzatdym ellerim, çenimden gysga,
aýakda hem dyzda galmady ysgyn...
Ata-babalarmyň daňu-säheri,
at üstünde ýorlup ýeten şäheri,
Ýollaryň agalam nazarna ornan,
ganatdan per azdy, asmanda durnam,
ylhamy-yhlasy türküň-türkmeniň,
meň erkimde bolsa, bela ertmerin,
balalarňa, guş-gumursy, gülüňe,
arman, erkim ýetýär diňe dilime...
Ystambyl, Ystambyl, bagra bassam bil,
aglasam bil derdiň çekip alysdan.
Keseki däldirin, özüňkidirin,
hem ýüregim akdyr meniň kamysdan.
Söýendirin seni uzakdan garap,
uzakdan görküňe guwanandyryn.
Ah, nämüçin bu gün bolduň sen harap,
zürýatlarňy çyra deýin söndürip?!.
Ah, nämüçin akar suwuň bulandy,
nämüçin garaldy asmanyň, türküm?
Gül çagalar gara guma dulandy,
gülki gaçdy gitdi jeren deý ürküp...
Ystambyl, Ystambyl,
gaýgy-gussam bil,
örtensem bil alyslardan oduňa.
Men senden daş düşdüm, dag-deňiz aşyp,
hem alysdan aşyk boldum adyňa!
Armanym, seni bir baryp görmedim,
görmedim türkmenim baran ýerlerin.
Daşdan derdiň eşdip, ýerler sermedim,
göz öňümi duman aldy germelip...
Kerwenim düňňürdäp, ýitdi-de gitdi,
maýsa gelin düýe sagdy salgymda.
Baldyzy ak köşek iýtdi-de gitdi,
gözüm açsam, gara daglar alnymda...
Dag düýbünde ýaşyl suwlar tolkunyp,
umman derýa çarp urup dur kenara.
Suw üstünden gitsem diýdim galkynyp,
ogşap ýyldyrymdan ýanan çynara...
Topar alym ärler, goja Möwlana,
Ýunus Emre geldi Tapdygy bilen.
-- Ystambyl, Ystambyl! -- Eşdildi nala,
Garaja Oglan geldi, gözünde elem.
Beýik ärler geldi kalby nurana,
Ah, sözünde elem, ruhy basyk.
-- Neçüýn bizde ýol berilmez ugrana? --
Soradym birme-bir ýüzümi asyp...
-- Nämüçin biz alys birek-birekden,
nämüçin biz özge bolduk, ýat bolduk?
Bir atadan gaýdyp düýpden-derekden,
bile aglamadyk, aýry şat bolduk.
Özbek, gazak, gyrgyz diýip böldüler,
azeri diýdiler, diýdiler türkmen.
Bize mydam bizçe ýoklar güldüler,
a indi hemmämiz bir millet -- gorkmen!
Gorkýas bir-birekden ajaldan beter.
Gorkýas ertelerden, gorkýarys düýnden.
Gorkýas, kimdir biri kowalar ýeter,
saňňyl-saňňyl edip ötýäris müýnde...
Müýnümiz bar babalardan, atadan.
Çagalar öňünde müýnli, günäli.
Gorkýas heniz görülmedik gatydan,
hemem başgalara atýas günäni.
Gorky biziň ganymyza siňipdir,
çöküpdir, ornapdyr gözlerimizde.
Gorky bizi gutarnykly ýeňipdir,
basyp-baglap pikir-sözlerimizde.
Şoň üçin biz uçar ýasap uçmadyk,
ah, şoň üçin galdyk ýeňi pyçakly.
Batyr bormy betbagtlykdan gaçmadyk,
bagty garşylamaz duzly-saçakly?!
Şoň üçin gamaşyk ýüzlermiz biziň,
şoň üçin azat däl düzlermiz biziň.
Şoň üçin biz tomsuň güni üşeg-eý,
şoň üçin biz aç öljek deý başagaý.
Şoň üçin biz emel ýetse azýarys,
şoň üçin iýýäris çaganyň hakyn.
Şoň üçin biz mydam ýalan ýazýarys,
hem içine sygamyzok çen-çakyň.
Sähel zat üstünde urlup-çapylýas,
uly zatlar galýar gyrada, çetde.
Geplemeli wagty dymýas, gapylýas,
geplemesiz wagty aşýarys hetden...
Beýik XX tamam bolup ýör,
XXI-e basýar aýagyn adam.
Nämüçin henizem aňmazyňky tör,
nämüçin aňlylar ötmeli ýadap?
Nämüçin aňlamaz eli dürreli,
aňlynyň başyna saýyp ýör şindem?
At münen deý arsyz agsak kürreli,
atlylar uýalýar onuň durşundan,
ýöreýşinden, gep urşundan, eý, hudaý!
Mürit pir bolupdyr, a pirler gedaý...
Nadan alym men diýp per bermeýär, dat!
Gandal ýetýär gyzyl-gyzyl ellere.
Adam asyl-asyl özgermeýär, dat,
gyzgan bitýär gül gögeren pellere...
Her kim eger öz işini etjek däl,
ah, bahana etjek, agtarjak hezil.
Gelen baky, eger-ahyr gitjek däl,
hemem hözir görjek özgäni ezip...
Daş diwar astynda çyrlaýar çaga,
çäresiz çyrpynýar uýa hem aga...
Daş diwar astynda iňleýär ene,
gideni getirden ejiz biz ýene...
Dogjagu-geljegiň rysgyna dawa
salyp ýören ýaly bir topar nadan,
nämüçin, nämüçin zulum bar çaga,
nämüçin kemakyl akylly adam?
Geljegiň bagtyna, şatlygyna däl,
betbagtlygna şärik ýaly ençeler...
-- Ah, bu ýazgyt, ah, bu maňlaý ýa ykbal --
diýýäs soňra saçymyzy penjeläp.
Ah, nämüçin gapyl çig süýt emenler?
Alla aňa garşy işleýärmi ýa?
Owal ekläp, soň üstüne eňen Ýer,
adamdan ar almak isleýärmi ýa?
Belki, peslikleriň köplügi üçin,
artyklygy üçin çen bilen çakdan,
belki, adamlaryň okansoň için,
Ýeriň özi çykjak bolýandyr hakdan...
Ýok, Ýaradan ömür berýär, ölümi
adam gözläp tapýar arman-ýadaman.
Oda berýär Taňryň gülli çölüni,
hemem edeninden bolýar şadyman.
Ýere sümüp gidip armanly adam,
ornapmy ahmyry toprak süňňüne?
Ah, nämüçin arly her şarpyk dadan,
bu zemini iýjek gurup deňňene...
Bu zemini içjek guýup bulgura,
ýa kineden ejiz, ýa şere berlen.
Bu dünýäni köp görüp ýör gul-gula,
adam olaň bary, geýim deý serlen,
ýuwulyp ýa ýöne ýagyşdan soňra,
kiri, tegmilleri aýrylmaz asla.
Ah, adam barymyz, gyzylu-goňras,
gaçyp-kowup barýas özümiz haslap...
Adamyň arzuwy çöküp gözüne,
göwni bilen garrap geçipdir, meger.
Eger adam bakmaz olsa sözüne,
ahmyr dolanar ger, adama deger...
Munda hiç zat ýitip, ýok bolmaz, bu hak,
agaçlar odun bor, öwrüler küle.
Adam ýanar, köýer, örtener nähak,
hemem öter gider bili büküle...
Adam öter, miras galar gultuna
aç gözleri, ah, doýmadyk zadynda.
Aýal altyn-zere diker kiltini,
erkek ýanar gözi gyzyl hatynda...
Garaýyşlar üýtgemeli adama,
garaýyşlar üýtgemeli zemine.
Adam, beýdip öz-özüňden ýadama,
adam, özüň dawa salma demiňe!
Garaýyşlar, gözler, nazarlar üýtgäp,
mähir-mylakata gelmeli hemme!
Adamlar, özümiz ýüň deýin tüýtmän,
aç çaga deý çyrlap soraýan emme,
mähir soraň, sabyr-kanagat beriň,
bir-birege, kesekä hem ýatlara,
özgeriň, özgeriň, diňe özgeriň,
ýanyp gitmäň içden turan otlara!
Gahara, ýigrenje aldyrmaň erki,
kine bilen bakmaň guşa, güllere.
Söýgi ýaşaýyşyň ýeke-täk şerti,
söýgüsiz gül zemin solar, süllerer!
Ah, Izmit,
men seni baryp görmedim,
ýöne derdiň eşdip, ýerler sermedim...
Turjak boldum, galkyp turup bilmedim,
barjak boldum, ýortup baryp bilmedim.
Uzatdym ellerim, çenimden gysga,
aýakda hem dyzda galmady ysgyn...
Ysgyn ýok ýazmaga nalanyň yzyn,
elde däl -- ýürekde, bagyrda, başda.
Ystambyl, men seniň isleýän ýazyň,
şondan seniň bilen aglaýan daşda!..
16.09.-20.11.99. Bergen