“Edenem ölýär, etmedigem”

Bu bir gürrüň,
gelýän sowet döwründen,
aýlyk bilen gün aýlamak agyrdy,
geldim eşek, gitdim eşekdi ady,
işle gatnan gynanardy köwşüne,
mally bolan, mellegine güýmenen,
ýa daşyndan düşewündi bolmasa,
ýa-da eli işli bolmasa ýaryň,
gyz-gelinler, maşgalanyň diregi,
el işine ýapyşmasa ikelläp,
ýetmek kyndy hatda iň bärki pellä...

Diýipdirler bir gün goňşy aýala,
tutuş günün gybat edip geçirýän,
“Agyz, Senem, beýdip ýörmän, eliňe
al bir bölek ýüplük, keşde çekmeseň,
balakýüpi örüp bilersiň ahyr!..”
“Bolýa” diýen, belki, utanyp pahyr.

Alajajyk örjek bolupdyr ilki,
ýüň darap, ýüp işip, ýüplük edinip,
oňa, muňa diýýän ýaly “Görýäňmi?”
Emma sabry ýetmän, zyňypdyr işin,
diýipdir: “Edenem etmedik ýaly,
eden işin goýup gitmeli dälmi?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024