Hakyky ýalňyzlyk
Ata çykan bolsaň, dogry,
nökeriň kän, ýatlar ýakyn,
sepiň açman nepi üçin,
el-aýagyň ýuwan, ogşa
köplük bolar, azlyk bolmaz,
pyýadanyň daşy çola,
ýykylanyň dosty bolmaz,
ýa-da bolar iki-ýeke,
gaçar ozal atyn tutan,
duzun iýen duşman bolar,
keseki bor doganlary,
awy gatar aş-suwuna,
gyssag görse ýokarkydan,
galjak bolup aman-esen,
ýa bolmasa çekilerler,
bir söz diýse bolup küsen.
Atly bolsaň, dogry seňki,
kändir ýakyn, dogan-gardaş,
emma ýokdur ýeke dogry,
düzüw adam arasynda,
ynanmarsyň bolsaň ogry.