Surat

Ymmat meselesi

To be, or not to be? That is the question...William Shakespeare, Hamlet

Bolmalymy, bolmaly däl, mesele,
galmalymy, galmaly däl, mesele,
ýa galmaly diňe busup, bukulyp,
näme bolsa bolsun diýip, keselli,
hassa bolup ölmelimi dirikäň,
sanalgysyn sanamanka ýaradan,
galmalymy ýa ýeriňden galkynyp,
hasaby, hesibi çykaryp ýatdan,
ýa-da hasap diňe şeýle ediler,
alsa alsyn diýip berenin alla,
tutýan bolsa tarapyny talaňyň,
ogurlygyň, karam oýnuň, soňy ýok,
ýa ol berdi bu synagy bilgeşlin,
tursun diýip, dyza çöküp ýaşaman,
gaýgy-gama ýesir düşüp, ejizläp,
bolmalymy, bolmaly däl, mesele,
haçana çen gezjek içiňi gizläp?

Haçana çen çydajak sen, çekjek sen,
men nädeýin, ilim şeýle jogabyň,
men nädeýin, dessur şeýle, däp şeýle,
adamlary, gözi gorkan, beýnisi
ogurlanan bekemänkä, bilýärler
dogry sözliň dosty ýokdur, bolmady,
garaw bardyr diýseler-de, taýagy,
ýersiz urlan, ulus-iller oňlady,
sebäbi ýalaňaç possunly üçin,
näçe ursaň, şonça gowy görelde,
görkez ony edip kelep agajy,
kelebiň ujuny ýitiren bende,
kelepçeli ellerine seredip,
aglasyn, begensin gandal görmedik,
şükür etsin, gandalyny bilmesin,
eline däl, belki, aňyna urlan,
bolmalymy, bolmaly däl, mesele,
boljak bolsaň ilki özüňi urma!

Boljak bolsaň ilki özüňi urma,
galjak bolsaň ilki özüňi urma,
urma özüň ýaly boljak bolýany,
urma özüň ýaly galjak bolýany,
bukulyp däl, belki, turup ýerinden,
gora özüň bolşewigiň şerinden,
diri galan, Lenin bilen ölmedik,
gora iliň hökümetden, töhmetden,
başa çyksa, düşmesi ýok, oturjak,
ýa tans etjek süýr depäňde gyzlary,
oglanlary tirkäp yzyna, süri,
ak sakgally gojalary getirjek,
ak gyňaçly ejeleri getirjek,
sen günäkär çydamasaň, çekmeseň,
ol atlaryn mellegiňde otarjak,
suwa ýakjak içidiňden her agşam,
geçidiňde sakçy goýjak taýakly,
alyp agzyňdaky soňky çöregiň,
ýöne bu-da ýeterlik däl, alkyşyň,
aýdym-sazyň egismeseň gymmat sen,
bolmalymy, bolmaly däl, mesele,
saňa bagly, kim sen, niçik ymmat sen?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024