Ýesir bolsaň
Tussag bolsaň syýasy,
KGB-niň türmesinde,
gelip-geçen ýanyňdan,
için döken kän bolar,
derdin aýdyp, halymsyrap,
ýa her ýandan osmakladyp,
içiň biljek bolar olar,
oýnamaly oýunlaryn,
ýokaryňda alla, belki,
gülýär synlap goýunlaryn,
geçilerin, şagal, tilki,
arslan bolan bolýan käte,
kä köprüden geçmek üçin
kim-kimlere diýip däde,
ýa-da kime diýip daýza,
adam diri galjak bolýar,
öňden, yzdan diräp naýza,
ýaralajak, aljak döwlet,
ogry, jümri, ganhorlaryň
aşagyna bolup düşek,
emma “hä” ber diýer olar,
ýogsa borsuň öljek eşek.