Dirilik
Diş galadyr, dil beladyr, biliner,
ýöne susup bolýan bolsa gutulyp,
ýa susduryp bolýan bolsa hemmäni,
hakykatdan baky dynasyň gelip,
Sokrat ýaly, zäher berip öldürip,
Nesimi dek soýup dabandan, diri
ýok etseň-de müňlerçe ýyl adamy,
özünde öldürip, özünden aýryp,
galarmydy ýok edilen geniler,
pikirleri bilen, sözleri bilen,
dilden dile geçen, görýän dünýäni
özünden soňkulaň gözleri bilen.