Surat

Ýüzük zynjyry

Ozal bir ýüzükli ýaşady, geçdi,
hudaý bolup, zynjyr paýlap, ýazyjy
bolan boldy arasynda şumjaryp,
indi ady öňki gabyr gazyjy.

Bu gün başga biri, ýüzügi ýokdy,
ýöne öňki ýüzükliden ozdurdy,
goňşy ýurduň çagalaryn öldürýär,
sebäbi hiç çäre tapmandyr başga,
yzyndan ýetdirip ýigrimi ýylda,
halkyn talap, akyl satyp ýadady,
indi ýüzük paýlap berýär gorkudan,
özi ýaly täze baýan gullara,
bilýär olar - sylagy az ilinde,
bolsa-da kän dula basan pullary.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024