Sözüň bolsa
Eger içde sözüň bolsa,
ýa-da duýgyň, paýlasaşyň
gelse ony adam bilen,
hem düşünseň, görseň, bilseň,
il-ulusyň ýagdaýyny,
düşen ýa-da salnan dowla,
belki, diňe ýazyp goýsaň,
köşeşersiň, ynjalarsyň,
öz ýanyňdan dynç alarsyň.
Ýok, bolmasa bu ýeterlik,
aýtmak gerek bolsa ony
birlerine, wagtyn alyp,
ýa ýitirip wagtyň, ýanyp,
hiç bolmasa, ýa aýalyň,
ýa adamyň, çagalaryň,
ýa kärdeşe, tanyşlara
azar berseň, diňleseler,
öz gaýgysyn gyra goýup,
a soňundan, göwnüň üçin
ýylgyrsala, hä berseler,
ýa tersine, gülen bolup,
düşünip ýa düşünmän kän,
gaçyrsalar mazaňy has,
düşün, degmez tutmaga ýas...
Kim bolsaň bol, adamlara
pygamber bol, dana, derwüş,
ýa däli bol, müň sözünden
biri gerek, ýöne ony
aýtmalysyň Sokrat ýaly,
özüň aklap ýa-da gorap,
gara töhmet atanlardan,
aýajak däl, sylajak däl,
özi hapa batanlardan.
Kän näme üçin ýaşaýanyn
bilmeýän hem ýarjak başyň,
artyk görüp öz gazanan
döwüm nanyň, jazly aşyň,
a soň, belki, aglan boljak,
aglaýşy dek her gömügiň,
açsa ahyr Platony,
eger içde sözüň bolsa,
öňýetene aýtma ony.