Uly ogrynyň mantygy
Uly ogry men diýenok ol adam,
ýa diýenok ýatyrmady howatyr,
açylansoň aýyplarym sanagsyz,
ynanyljak ýaly ertekä soňsuz,
sada ýaly, samsyk ýaly milleti,
sowet terroryndan bolansoň hassa,
ýene başyn atar ýazdyrsam kyssa,
ýa bagşylar, sazandalar joşsalar,
satlyk žurnalistler etseler waspym,
hem diýseler kepil geçip, tassyklap,
bu däl urşan, olar günäkär, asy,
görüp bilmän ösüşimiz, badymyz,
garalajak bolup ýagşy adymyz,
hile salyp bizi saldylar gowga,
dogry, garaşypdyk, gaz, togun kessek,
öýlerinde daňlyp açlyga, sowga,
ellerin galdyryp, gelerler diýip,
üstesine şaman gargady bize,
şunça ýyllap bile duzumyz iýip...