Seniň göreşiň

Meniň göreşimde, bar bolsa eger,
deň bolmadyk, agyr, ýyksam, ýykylsam,
öldürilsem, aman galsam birsellem,
meni däl-de, özün görse bir adam,
iki adam, ýa köpüräk, ezilen,
basgylanan ata-baba, asyrlap,
o tarapdan, bu tarapdan, içinden,
Nesimi dek dabanyndan soýulan,
ýa pyçaksyz görer gözi oýulan,
el degirmän, başyn aýlap tersine,
iýlen bolsa beýnisiniň ýiligi,
bilýär özi, bolşewikmi, menşewik,
ýa dindarlar, iki gözi dulunda,
pikir etse, bu meniň däl, onuň däl,
ulus-iliň meselesi, kersene
eli inip, çykyp dursa talaňçyň,
bili bükük, saçy sübse ejemiz,
ýa kakamyz näçe döksün derini,
ne gözümiz doýar, ne-de garnymyz,
bolup bilsek, ogry borus owunjak,
ýa gabanýan bir-biregiň ýerini...

Daýylary, daýzalary entedip,
çagalaryň ogurlaýan şu günün,
gelejegin bir elinde, beýleki
eli bilen Gurhan tutup, dinlimiş,
kanunymyş edýän işi, kazylar,
bilmeýän ýok niçik çykarýar höküm,
meniň göreşimde, bar bolsa eger,
gelip bilmän, boýun alman, goldaman,
iň bolmanda gybat etmän ýatsaňyz,
ýa o biri haýyş etse, etmese,
gowy bordy soňky oky atsaňyz.

Eger meniň sözlerimde bar bolsa,
hakykaty görse göresi gelýän,
bir-birege pitjiň atýan köpelmän,
azalardy biraz armanly ölýän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024