Biderek iş
Kyrk ýyl ylgap, ilim diýip jibrinip,
ahyrynda YouTube açyp görjegiň
onunjy onjugyň nutugy bolsa,
namys hakda, ar hakynda, är hakda,
söz gutarýar, iş gutarýar, şükür et,
ýat öýüňde, daşa çykman pikir et,
garaş, belki, geçerine tupanyň,
şundan beter bolmaz apat, aldajy,
nämä gerek ýakmak keýpine janyň?