Bu zemin

(Täzeden işlendi)

Içip gez, göçüp gez, göterilip gez,
ýa tersine, gudurama hiç haçan,
egni gysyk, başyň aşak, ümsüm bol,
ýüzüňe baksalar ýylgyr naýynjar,
salam ber uýalyp, salam al gorka,
ýa şelaýyn ýylgyr, oýnasyn gaşyň,
gözün-başyn aýla garrynyň, ýaşyň,
ýa ýüzüň çyt, gaçsyn golaýa gelen,
uzakdan barýana gygyr nadara,
saçyňy reňkle dürli reňke,
gulagyňa ildir her hili halka,
burnuň, diliň, duluklaryň düwmeli,
torbaňdan as tapan-tupan zadyňy,
saçyňy syr, sakgal-murtuň ösdür-de,
indiki aý tersine et baryny,
her gün üýtge, ýa üýtgeme hiç haçan,
uruş, gowga bolsa, garşy durýana,
ýa-da baryp meçew berýäne goşul,
ýatyp-tur köçede öýsüzler bilen,
eýesiz itlere iýdir tapanyň,
ýa uly şäherde uly jaý salyp,
gapyňda hatarla üç-dört maşyny,
sürüjiňe geýdir owadan penjek,
aýalyňy çümdür göwhere, zere,
ýerden däl, ýallakyň ýüzünden ýöre,
kitap ýaz ýa ýazdyr, adyň zerledip,
suratlaryň bilen çyksyn üç dilde,
öwmäň diýip agla käte zörledip,
soň bir gün öl, tarpa-taýyn, elbetde,
gözel iliň goýup ýetde-de-gütde,
ýa tersine, dogul ýene gaýtadan,
dowam etdir gurmadygyň gurmagy,
ýykmadygyň ýykyp, uly urmagy,
pikir etme kime näçä düşer ol,
gara gaýgyň bolsun talamak ili,
içip gez, göçüp gez, göterilip gez,
ýa tersine, otur igli çaga deý,
balagyň hapalap, göz bolup, ölmän,
bu zemin hemmäni göterer bilmän.

(7 ýanwar, 2010)

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024