Bahyllyk çukury

Bilimsiz il, bozulan il,
bahyllygyň çukurynda,
bilimsizi, bozulany
depesine çykarar kän,
açgöz köplük açgözleriň
awy bolar, oturar, san,
bisan bolup başa çykan,
uly, kiçi emeldaryň,
garaşar ol diýip: Alla,
gutar gelip, alyp arym?!

Bilimsiz il, bozulan il,
içine däl, daşa garap,
bolan bolup bolmadygy,
çagalaryn eder harap.

Dogup-dörän görer ene,
atasynyň iki ýüzün,
daýylaryň, daýzalaryň
düýbi guran ýaşly gözün,
netije bu: hiç bir kiçi
alga almaz ulyň sözün.

Bilimsiz il, bozulan il,
biri-birin iter, ýykar,
içirjek bor arak tapsa,
çekdirjek bor tirýek tapsa,
azdyrjak bor azmadygy,
bozjak bolar bozulmasaň,
töhmet atar başarmasa,
agzy hapa, köňli hapa,
jähenneme ýoldaş gözlär,
päliýaman pälden tapar.

Bozulan il, bilimsiz il,
hiç özünde görmez aýyp,
el uzatsaň ýykylanda,
ýa saklajak bolsaň taýyp,
süýşüp barýan wagty gorpa,
seni etjek bolar maýyp.

Bahyllygyň çukury bu,
çukury bu ölýän halkyň,
öz-özünden, islemese,
başarmasa turup, galkyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024