Il söhbetin islemeseň
Il-ulusyň, uly, kiçi, başlangyç,
ýa üzülen söhbetini gysgansaň,
galan ýerden alyp gitmeli bir gün,
garaz, biri birden başlajak bolsa,
ili açjak ýene söhbete, saza,
bölekligiň, üzňeligiň ýerine,
sowan öýde, gaz ýakylyp mugtuna,
ýylylygy getirmekçi bolsalar,
dymyşlygyň ýorganyny galdyryp,
düşegini epläp goýup gyrada,
bir umumy, birleşdirýän pikire,
ynama, ynanja getirjek, belki,
gürrüňleri halamasaň ýönekeý,
ýa o birin, pikirin aýdany,
sygdyrasyň gelmän saçak başyna,
entedesiň gelse öňküden beter,
men-men, pylan, bahana kän adama,
köpbilmiş diý, belki, içiňde heder,
bilip-bilmän salga tapan taýagyň,
daşyňy zyň ýeňiňdäki, ýük bolan,
söhbet isläp gelenleriň içine,
bir, iki däl, ýaralajak köpleri,
ýa az görseň bolanlary, geçeni,
gidenleri aýdyp bilmän aýtjagyn,
başga sözden gorkan batyr hökümet,
o taýda däl, öz içiňde otursa,
bölünişik gowy, gowy dymyşlyk,
kes-de nyrhyn öz gözüňden adamyň,
sözüni däl, ýüzün garala ilki,
dowam etdir bolşewigiň işini,
o birisi ýaly, ýat ilde galan,
gorap, söýüp Stalini ölýänçä,
ganhor diýseň titräp, dergazap bolan,
bölüji bol, ata-baba ýalňyşyň,
goý, gelmesin o birleri, bu biri,
azaşan il çykman galsyn çukurda,
näme boldy diýme ahyr netije,
otur diňe özüň bolup hikirdäp...