Baybalyjy mantygy
Olaryň ählisi, KGB, polis,
prokuror, garalawçy, kazylar,
ýöne-möne köpegi däl döwletiň,
kowsa ýetýän, awyn alýan tazylar,
bilýär nähak iş edýänin, depeläp,
il-ulusy nä günlere salýanyn,
bilmese-de kanunlary ýazylan,
ýazylmadyk, goja dünýäň düzgünin,
kast eden pest bolar, ynanmaýarlar,
ýakan – bişer, gazan - düşer, diňe söz,
hudaý, alla oýunjagy ýeňeniň,
baýa berýän bar baýlygy lükgeläp,
ýigrenýär hak ähli başyn egeni.
Olaryň ählisi düzüwi döwse,
arly, namyslyny öldürse üýşüp,
ýa çäresiz gyz-gelini zorlasa,
çagalaryň emziklerin agzyndan
aldap ýa-da urup alsa, zor bolsa,
öýün, jaýyn alyp bilse şäherliň,
talasalar obadaky daýhany,
çopanlary, balykçyny, guşçyny,
buýsanýarlar, gala alan mysaly,
edilen iş kümsüklik däl, beýiklik,
eger aman galsaň öldürip, talap,
o bir ene galsa dulunda nalap,
o bir ata, ýöräp bilmän otura,
daşyn garap, ölümine garaşsa,
basyp alan mydam şeýle bolupdyr,
basylanlar, goramadyk özüni,
ýa goranyp, ýeňilenler soňundan
din-imanyn üýtgedipdir, ýaşasy,
saklanasy gelse, gelse ölmäsi,
ganhorlaryň aýagyny owkalap,
olaryň ählisi bilýär bulary,
hem özüni saýýar bary balary.