Utulan il
Diýdi-diýdi ýykdy ili,
galmaz edip bükük bili,
kimi görseň, jibr-jibr,
zeýren diýseň, durmaz dili.
Näme diýmez adam saňa,
ýoly bozuk, päli bozuk,
haly ýaman günbe-günden,
ýakyn, ýaran, keseki däl,
daşdan gelen saklar dilin,
görer sende özün, dogry,
ýöne diýip durmaz baryn
pikir edýän zatlarynyň,
ýakyn diýer saňa göni
ýüreginde baryn, agyr
bolgugyça ýetmän güýji,
goýup-goýman hiç terezä,
ýa bozulan terezisi,
hem buýsanar diýenine,
unutmajak sözüň, belki,
begener ol iýenine
ýüregiňi, beýniň, başyň,
awy edip iýjek aşyň...
Kine gapan gözlerini,
ýagyşly gün daşardaky
küýze ýaly, suwdan dolan,
gory ýetik aşagynda,
çaýkama kän, dökülmesin,
gahar – zäher, gowulyk ýok,
näme diýmez tutulan il,
oýnan oýny çykan ýalňyş,
öz oýnunda utulan il.