Iň garaşýan adamlar

Iň garaşýan türmädäki tussaglar,
belki, muny bilip bilmez görmedik,
iň garaşýan sürgündäki gussaly,
arman muny bilmez ömrün bermedik,
ýitirmedik ýola bakyp, ýapylgy,
çekmedikler aýralygyň azabyn,
galan ömrün gözi girýan geçirmän,
nirden bilsin mysapyrlyk ejirin?

Iň garaşýan ezizleri gideniň,
gelmedigiň ýyllar aşyp, yzynda
çagalary, garrylary has beter,
çarçuwaly portreti dyzynda,
gujaklap uklaýan, gujaklap turýan
agtygyny aýralykda ulalan,
görsem diýip göz ýummakam bir gezek,
bassam diýip birje gezek bagryma,
eneler, atalar, daýy-daýzalar,
hemem, meger, iň garaşýan galpyldap,
elleri däl, ýürekleri naýzaly,
bütin ýurdy türmä öwren zalymlar,
haçan millet turar diýip ýerinden,
haçan sorar ogurlanan janlary,
öli, diri, güjüklikde dalanan,
haçan alar mal-mülküni dil açyp,
nijeme ýyl gije-gündiz talanan?..

Ýöne, alla, toba edýän görnenok,
beterinden beter bolýar eziji,
auksion gurap agzynda türmäň,
öz-özüňi, gara başyň, pul güýji,
ýa-da zoruň güýji bilen al diýýär,
ýa-da ölseň kapasada aç-suwsuz,
jesediňi satýar olar, hossaryň
daşymdan däl, içden aglaýyn diýse,
aladaňdan, ýeke jaýlaýyn diýse,
belli günüň belläp bildirmän kimsä,
ýas tutaýyn diýse ýalňyz öýümde,
ýa gidenler, görjek bolsa ejesin,
kakasyny şäherinde, köýünde,
ýa hoşlaşjak diýse ýummaka gözün,
ýa soň mazaryna başyny egip,
dyzyn epjek bolsa, tölesin diýýär,
bahasyna pul ýetmejek tölegi,
gözi aç doýmaýar, jigeriň iýýär...

Ýene-de bir garaşýan bar her ýerde,
tussagdan, gaçgyndan janserek, heläk,
bahyllygyň kerebine çolaşan,
ilki eýläk ylgap, soňundan beýläk,
jaň edýär ol ony boşatmaň diýip,
hat ýazýar ol muny boşatmaň diýip,
satyp bolýan bolsa, düşürip aşak,
arzan berip, aljak lezzetin alýar,
eger biri geljek, dolanjak bolsa,
gazaply kazy dek, soraga salýar,
türmä düşen diýýär bolarmy adam,
diýýär adam bolmaz gidenler aýdyp,
beterini diýer getirseň gaýdyp,
ikinjisi ýaly, bu gözel ile,
duwlanmasyn munda jesedi hatda,
eger giden geljek bolsa, diýýär ol:
goýma meni, alla, bir gün aýatda!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024