Durmuş tejribesi
Goranmaly bolsaň ýakyndan, ýatdan,
öňüňden çykana, halyň sorana,
wah, ýykyldym diýip ir ertir atdan,
zeýren basym öljek hassa mysaly,
o ýerim, bu ýerim agyrýar ýaman,
ýa-da atyň agza düşse, öwseler,
aý, beýle däl, biraz kejeňek, çaman
diý-de ýaman gözden gora özüňi,
durmuş şeýle, öňden gelýän kada bu,
kim halajak ojagyňda közüňi,
öwüt berýär öz wagtynda awunan,
aýdyp ýörme ýazan, ýazjak eseriň,
çykjak bolup duran kitabyň bolsa,
gürrüň berip begenjiňden bigänä,
göwni başga, çürkeneni çürkeme,
ukusyndan galyp, kösener pahyr,
islemeseň, oňarmasaň ýalany,
bor-bolgusyz gürrüňjik et, degişmäň
duzsuz bolsun, niresine gülmeli
bilmesinler, asla deňiň-derejäň
pes diýsinler, a soň durma, eglenme,
derrew o ýanyna geçjek bol köçäň.