Sen özüňe gargyş etme
Biz näm bolsak şo bolaly, bolsa bolýar eziz watan. G.Ezizow
Sen özüňe alkyş oka, gargama,
çykarma hiç agyr höküm ýalňyşyp,
hökümine meňzeş satlyk kazynyň,
çykarma sen hiç adama, hiç haçan,
stalinçi kazylaryň hökümin,
ýa hökümin homeýniçi kazynyň,
diýme asla hiç diýmesiz sözleri,
ne oýundan, ne-de çyndan, ne içip,
şäherde ýa gyrak-çetde, obada,
gudurama, artyk tapsaň azajyk,
eçil biraz döwüm nany ýoga-da,
hem dileg et uzak ömür özüňe,
özgelere bugdaý sözüň gysganma,
sebäbi ýokarda eşidip biri,
kabul etse dilegiň ýa islegiň,
soň näm bolsa, özüňden gör, kesekiň
eli bilen ýok etse-de ýaradan,
dili bilen ýok etse-de ýaradan,
ýa ýalkasa, alyp galsa, gorasa,
ulus-ili basyp alan paradan,
parahordan, diwar gurup arada.
Sen özüňe ýowuz höküm çykarma,
diýme dilim ýa-da elim gurasyn,
aýagym kesilsin, kör bolsun gözüm,
gulaklarym eşitmesin hiç zady,
sen özüňe okama hiç näleti,
ýa gargama başgalara, yzyna
gaýdyp gelse birden bulaşyp ýady,
heläk eder, ökünersiň, sebäbi
ýokarky eşidip, eşitmän adyň:
“Hawa” diýip, başyn atsa, ýalkasa,
ilki özüň, soňra seniň garganyň,
a soň siziň yzyňyzdan gelýänler,
ganhor hökümetiň ejirin çekip,
ne oturyp güler, ne-de dik durup,
sen özüňe alkyş oka wagtynda,
gargyş etme asla döşüňe urup.