Öldi diýme
Kim bolsaň bol, bu durmuşda
bar söweşde ýeňip bolmaz,
ýaralarlar, ýykylarsyň,
gan ýitirip, agzyň gurap,
gurak çölde, garly düzde,
üşäp, gagşap galarsyň sen,
iliň ýokdur, ýykylan öň,
ýokdur ýurduň arkaňda seň,
gelip ýaraň sarap berjek,
suw damdyrjak hasa bilen,
nem geçmeýän damagyňa,
güler seni asy bilen,
ýa bahyllyk eden mydam,
näçe öňe dyza, saýlan,
säginersiň ahyr ýadap...
Ýok, bu asla täzelik däl,
kim gelmedi, kim ölmedi
arkasyndan pyçaklanyp,
ýa kakylyp aýagyna,
iteklenip uçut dagdan,
az boldumy, az boljakmy,
ýöne bagtyň getirdigi,
ýaryň bolsa, çagalaryň,
keseki dek çekilmese,
çagasy dek hajylaryň,
nämeleri görmez gözüň,
eşitmersiň näme ilden,
akyl etseň, aýa sözüň.
Kim bolsaň bol, bu durmuşda
galar arman, ähli etjek
işleriňe ýetişmersiň,
ýöne gowy bolar ertir,
ýa ýagyş, gar ýamaz diýip,
garaşma-da çyk sen ýola,
dowam etdir göreşiňi,
seret-de bek saga, sola,
bir menzile ýeten adam,
deň bolmaz hiç müňläp nola,
ýolda galsaň, ýoluň dowam
etdirjekler geler yzdan,
depesinden basylsa-da,
guma çümüp bilden, dyzdan,
ot döräpdir külden, belli,
diýme ölen ile öldi.