Söz we göz azatlygy
Hiç adama alyp sözüň
azatlygyn berip bolmaz,
berip bolmaz azatlygyn gözüň-de,
görmeli sen şu satlary şeýleräk,
beýleräk däl diýip, barmak çommaldyp,
bermersiň sen hiç millete metbugat
aztlygyn halta salyp getirip,
ýa-da ýükläp kamazlara, sebäbi
il ozaly öwrenmeli türkana,
görkana oýnuny oýnaman, erkin,
özüçe bir pikir edip görmegi,
çünki, her kes, çişi bolsa, ýüň bolsa,
öwrenýär-ä jorap-sorap örmegi.