Öňki adamlar

Witaliý Korotiçiň äheňinde

Boluşymyz ýaly uzak,
ata-baba ykbalymyz,
basyp alnan, ygtyýarsyz,
ýigrenç ýurdy bolup galdyk,
bolup galdyk gahar ýurdy,
kine ýurdy, içde kitüw
saklaýarys onlarça ýyl,
ynamymyz ogurladyp,
her aýdylan ýalňyş söze,
jogap berjek bolup içden,
berip bilmän, dönüp göze,
düşünmesi agyrlaşýan,
ýa-da müňkür bolup başga,
özümiz ak, özümiz päk,
kimi gürlet, başga biri,
ýa ikisi günäkärdir,
ýa tutuş il, ýesir alnan,
gürrüň bilen ýalan-ýaşryk,
ýaşamaly, adam nätsin,
töhmet, türme döwlet ýoly,
üstümizden sürýär maşyn,
elimize baýdak berip,
durmaly hem galgatmaly,
ýagyş ýagsyn, syrasyn gar,
ýöne biziň günämiz ýok,
aklaýarys özümizi,
okuw ýa iş gerek çünki,
bu öňküleň günäsi däl,
biz, özümiz bolduk öňki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025