Seniň göwheriň
Bu pikirler, başa gelen,
galan, geçen, täk seniňki,
başga biri bilen bagly,
ilteşikli özge bilen,
tanyşlaryň ýa tanyş däl,
ýöne berme gelse aglap,
ýa üýtgetjek bolsa biri,
bilip däl-de artykmaç zat,
bilen bolup, bilýäň ili,
her hilisi bar içinde,
seniň goşgyň, seniň kyssaň
bir seniňki, berme ony
bozjak bolsa biri gelip,
ýa üýtgedip adyň seniň,
ogurlasa ýazanlaryň,
ýa täzeden ýazan bolsa,
ýa-da aljak bolsa badyň,
kesä çekip sözleriňi,
urjak bolsa urman asla,
göm-gök edip gözleriňi,
sow kelläňi başga ýana,
yza çekil, aýlanyp geç,
pikirleriň zaýalatma,
zaýalajak bolsa gallaç...
Bu pikirler, goşgularyň,
bu hekaýa bir seniňki,
üýtgetdirme öňýetene,
galam bilen, ýa ok bilen
ýazjak bolýan başga ony,
bozjak bolýan adyň seniň
dardyr gaty çak-çeniňden,
hordur gaty, uruşdan soň,
ýetim ösüp, kemsinen dek,
ýa-da, belki, soňky nesil,
ýaşan bolja ile görä,
pikiri ýok kellesinde,
ýa bolany bulam-bujar,
aslyşýana aldyrma sen,
göreş olar üçin baky,
hem kän başyň galdyrma sen.
Bu pikirler bir seniňki,
durmuş berýär, göwher ýaly,
her ynsanyň sowgadyny,
bahasy ýok, satma ony,
seni gowy görýän adam,
ýa sylaýan pikiriňi,
boljak bolýan ýolda ýoldaş,
basjak bolmaz sesiň aşak,
boljak bolmaz senden uly,
seniň ýüzüň urup daşa,
bu pikirler oýunjak däl,
ynan, başa deňäp ýaşa!