Tanyş tire

Men olary kän synladym,
iş salyşdym içden, daşdan,
alajyň ýok doglan bolsaň içinde,
ilki gowy, çünki ýaşdym,
pikir etdim, bary ýer ýaly adam,
şondan basyp, depesine çykýarlar,
soň düşmeýär ýumşak ýerde oturan,
gowulygy diýdim bagtyn ýatyran.

Ýöne soňra gördüm, ýer ýaly bende,
birisi däl, ikisi däl, onlarça,
iki şaýy pul düşende üýtgeýär,
göterilýär iki agyz boş söze,
ýa iki gün emel ýetse, bap-başga,
görülmedik adam bolýar, tanaman,
gözleriňi gaçyrýarsyň eliňden,
ýylgyrýar ol seni samsyk hasaplap,
aýal bolsaň, ýat diýende ýatmaly,
erkek bolsaň, bitirmeli ýumuşyn,
aralyk ýok, gaýdyş eden adamy,
gerek seniň ölüşi dek gömüşiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025