Adyň aýdym bolsun

Durmuş seni orta çykaran bolsa,
umyt beren bolsa adyň, sözleriň,
gündizine gara basan millete,
görnen bolsa çyra bolup gözleriň,
diňe garyp ojagynyň başynda,
ýa-da daş işige çykyp aglaman,
türmede-de diňlän bolsa bendiler,
ýurtdan gaçyp çykyp, çalan sazyňy,
ne okuwy, ne işi bar, ezilýän,
ýene-de eziljek näçe ýaşasa,
iliň biri gözün dikse ýoluňa,
yhlas beren bolsaň azajyk hatda,
ýeňmeseň-de, gelmeseň-de ak atly,
ol obada, bu obada birleri,
adyňya gazasa, çykarman ýatdan,
ölseň, galsaň, zaýalama adyňy,
pese düşme pese düşenler bilen,
darkaş gurup tutulmadyk aýynyň,
ýa tilkiniň derisiniň üstünde,
öz-özüňi ýere sokma, masgara
menden näme parhy bardy diýmesin,
gülmesin, görkezme gaharyň, kinäň,
görkez seni saklan, ýaşadan zady,
göreş seni orta çykaran bolsa,
öleňde diýsinler aýdymdy ady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025