Ownuk ýagy

Terror döwletiniň öňünde durup,
ýeke başa il-gün üçin göreşseň,
özüň üçin arasynda, elbetde,
çagalaryň üçin, okasyn, össün,
diplomyny satyn alman, satylman,
sözüň üçin, aýtjak bolup, öldürmän,
orta çyksaň bilen tapylar diýip,
bilgin seniň ýokdur dogan-gardaşyň,
iň esasy - iliň ýokdur arkaňda,
ýöne bardyr senden öňem bu meýdan,
men göreşe çykdym diýip gygyryp,
ýassykgalaň arkasynda ýaşaýan,
adyň çyksa, baş galdyrar bir ýerden,
gabanjyndan ganly söweş meýdanyn,
hyşy-wyşa, gep-gybata atlanyp,
peýkamyndan şyltak, beýleki atar,
soňra ýatar ýene ýorgana girip,
bilgin, terror döwletinde ýekesiň,
çekilersiň ownuk ýagydan irip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025