Öwrenmeli zat
Sen gahardan doly bolsaň, basylyp,
öýke bilen, kine bilen bogulsaň,
o birlerin ýumruk düwüp ýigrenseň,
bu birlerin näletleseň içiňden,
hiç unudyp bilmän eden işlerin,
aşak çekmek, ýykmak üçin aslyşyp,
ýa-da eden gybatlaryn ýeňsäňden,
deň-duş bolup, awtobusda gyslyşyp,
bile okuw, işe gatnadym diýmän,
duzuň iýip, duz iýdirip, dostsurap,
atan töhmetleri düşse ýadyňa,
ejesini goýman, goýman bajysyn,
atasyny goýman, goýman babasyn,
sögünseň içiňden, o birine däl,
iň ozaly özüň edersiň harap,
ýylgyrmagy öwren seredip yza,
ýylgyrmagy öwren öňüňe garap!