Surat

Türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar

Türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar,
gülmeýärler öňküler dek jakgyldap,
ýa gülýärler örän seýrek, eserdeň,
ýylgyrýarlar aladaly gözleri,
beýik serdar ölmez-gülmez edensoň,
çagalary okuw, kärsiz galdyryp,
kakalaryn iş, hünärsiň goýansoň,
başyna düşensoň eklenç agajy,
hajy ýaly arkasynda Isanyň,
hasaby ýok derdiň, bulaşdy sany,
türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar.

Ogullary, arlygyny hapalan,
25-de, 30-da däl, 50-de
ulalmaýar ak girse-de saçyna,
oňalmaýar, düşünmeýär, bilmeýär
eje näme, bajy näme, gyz näme,
agzynda arzyly iň beýik sözi,
aýdymdaky ýaly däl ozal, öňki,
aý-ýyldyzy hünji edip dökeýin,
muňa derek, aman-aman, eý, alla,
ejeň, bajyň, ýa-da gyzyň s...

Türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar,
ýa ýylgyrýar aladaly, ünjüli,
sen olaryň gözündäki gaýgyny,
maňlaýynda ýygyrtlaryn joýa dek,
gözündäki çylgymlary, gan öýen,
görjek bolsaň, seret Baýram Lallygyň
işleriniň iň bolmanda birine,
ýa bolmasa git-de oba eneleň
seret döwük dişlerine, kän, uzak
eglenmejek, ýüreginden ýykyljak,
hakykatdan nirä gaçyp gutuljak,
türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar.

Öň kommunist arak döküp öňüne,
soň serdary tirýek döküp öňüne,
iş-güýjüni alyp elinden gaňryp,
ýüzün açdy diplomlynyň, azanyň,
utanmaýar kürsi ýeten eline,
döşün açyp bakyp, gyza, geline,
utanmaýar kürsüsini ýitiren,
bagty çüwüp, YouTube ýeten, diline
näme gelse, saklamaýar, durmaýar,
iş ýüzünde başarmasa, bolmasa,
hyýalynda, ýa dilinde, eý, taňrym,
o biriniň ejesini zorlaýar,
bu biriniň bajysyny zorlaýar,
haýbat atýar o biriniň ogluna,
haýbat atýar bu biriniň gyzyna,
bar arzuwy o birini, başgany
ýere sokmak ýa çökermek dyzyna,
türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar.

Gazawatda gark edilen, gyrylan,
Gökdepede at öňünde sürülen,
guma gaçyp gutuljakdy, bolmady,
soň ýurt diýen boldy haýyn, basmaçy,
gyryldylar, uruldylar ýokardan,
atyn oka bermän, gaçany gaçdy,
soň galany urşa gitdi gitlerçi,
ýene-de bir basyp alyjy bilen
garpyşmaga aýakýalaň, ýaragsyz,
yzda naçar, oglan-uşak ezildi,
başlyk bolan, azan üçin hezildi,
türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar.

Ýok, dogry däl, ýylgyrýany bar käte,
ministriň aýaly ýa ýoldaşy,
häkimleriň aýaly ýa ýoldaşy,
prokuror, kazy, gümrük başlygy
äri bolsa, ýa-da bolsa hossary,
işi çüwen iş adamy ýar bolsa,
ýylgyrýarlar olar, gülýärler olar,
ýöne soňy näme bolar, hiç biri
pikir edýär, güman edýär, bilmeýär,
türmä giden ministrler gelmeýär,
dolanmaýar tutulansoň häkimler,
ýa-da gelýär, bilýärsiňiz, nähili,
ötük soňy, çyra, yşyk ýok häli,
türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar.

Dogan diýip gelen beýik Türkiýe,
gardaş diýip gelen beýik Türkiýe,
kömek etjek diýip, ýardamçy diýip,
gany birmiş, dini birmiş, dili bir,
talady hem talamagy öwretdi,
öz ýurdumyz, bir-biregi, başarsak,
türme boldy gelen ýeri milletiň,
çörek gözläp, ýurt aşmaly, gitmeli,
gulum diýýär indi bize doganlar,
gyrnak diýýär indi bize gardaşlar,
barsak, görse her ýerinde ülkäniň,
basylyp öz serdaryndan, ogruja,
üstesine gykylykçy, şermende,
bizden daşa gitmän eken, başarsa
gaçýar beýik memleketden, toprakdan,
basyp alnan, güýçli bolup çen-çakdan,
türkmen aýallary ýylgyrmaýrlar.

Ýylgyrmaýar naçarlary türkmeniň,
gülmeýärler öňki ýaly gaýgysyz,
jakgyldysy gelýän ýedi menzilden,
ýa gülýärler örän seýrek, eserdeň,
ýurdy ýapyk, gitjek diýse baş alyp,
ýurdy ýapyk, geljek diýse yzyna,
ýa getirjek diýse, göreýin diýse,
agtyklarym, soňky gezek, ölmäkäm,
öýereýin diýse körpe oglumy,
çykaraýyn diýse gyzym işikden,
okuwlaryn okap, tamamlan birçak,
toýun tutup, boýlaryna guwanyp,
ýok, bolanok, garaşmaly, bir gonja
sokmaly däl aýaklaryn serdaryň,
darygýar ol, çekinýär ol ilinden,
bar bolmasyn diýip aljaklar aryn,
öz şanyna uly toýuň aşygy,
magşugy dabaraň, tansyň, odanyň,
emma millet etmeli däl ýüşmeleň,
gelim-gidim, daşda bolsa, bolmasyn,
gysganýar ol iliň şatlygyn, toýun,
aşaklykdan buýruk berýär, gürläniň
dilini soguryň, gözüni oýuň,
türkmen aýallary ýylgyrmaýarlar,
ýa ýylgyrýar juda gamgyn, eserdeň,
sen olaryň seret ýüzi-gözüne,
ýüregiňde jinnek bolsa heserden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024