Şahyr we erteki
Gurbannazar ýaly, boýdan-başyna
ýoýulan taryha ynanyp, uýup,
beýik diýýänine basyp alanyň,
beýik diýip, “ak-garany saýgarman”,
“juwanlykdan kämillige höwrügip”,
“uçup gidip başga-başga diýara”,
arzuw edip dolanmagy yzyňa,
goýup gitseň ýol başynda ýoluňy,
gaýgy edip Lermontowyň halyny,
gynanyp Puşkine, gidip güp-güpe,
Dantesi näletläp, atylsam bir gün,
gyzykly erteki aglasaň, gülseň,
näderdim diýýärsiň aam bolup, alla,
Dantesiň atmadyk okundan ölsem?
Gurbannazar ýaly ýaşdyk, sadadyk,
ýoýulan taryha ynanyp, uýup,
pikir edýän indi aýandyr, belki,
bu günki gün näme diýýär ärleriň,
şahyr aýtmyşlaýyn, beýik ülkesi,
şahyryny goramak däl, gul edip,
äri edip oýnaşynyň aganyň,
aýlyk berip, dogry, gowy, ullakan,
ýurdundan gaçyran, başyny alyp,
öldürilen bolup ýalandan, alla,
gara güýjüň bolmaz beýik şahyry,
öldürilsin, diri galsyn duelde.