Beterinden beteri
Adam pahyr, ýokarsynda palta han,
çekiç ýa atagzy ýalpyldap durka,
demi dag ýarýarka çüýüň, nurbatyň,
kiçi bolsun, uly bolsun, parhy ýok,
çenin bilen, çakyn bilen, akylly,
belki-de soň akylyndan azaşýar,
Eflatunyň gowagyndan çykansoň,
ýagtylyk bar, güneş dogýar daşarda,
güller, kebelekler, çeşmeler, gözel
ýaşaýyş bar diýip, gygyrýar, bökýär,
sebäbi hak berjek gul bolan ile,
meýletin-mejbury, elekli suwun
daşap içen ýüz elli ýyl azyndan,
arasynda waspyn edýän ezijiň,
galam tutan ýazyjysy, sazanda...
Adam pahyr, ýürek edip ahyry,
gygyrýar owadan, batly sözlere,
eşidipdir başgalardan, elbetde,
okan bolsa, boýun alyň, gowy zat,
ýazyp bilse, hasam gowy bolardy,
öz dilinde, başga dilde, wagtynda
sözlem näme, nokat näme, öwrenip,
bilen bolsa näme sorag belgisi,
nirelerde, näme üçin goýulýar,
alla, gözli gözsüz görmeýär öňün,
bilmeýär ol haçan, nirde doýulýar,
nirede irilýär, tümlüge girip,
aňyrdaky ýeke yşygy görmän,
o ýerde birleri ölýär urulyp,
beýleki ýaraly, süýrelýär türmä!
Aňsat akyl satmak, gowakdan çykyp,
emma barsaň, näme diýer zynjyrly,
el-aýak däl diňe görünip duran,
aňy, başy meseleli adamlar,
okan bolsaň, ýa-da düşüp eline,
otursaň gowakda iki gün suwsuz,
düşünýärsiň, seniň zynjyryn gyrjak,
ezilen milletiň nirede galdy,
olaryň ýarysy gowudyr, meger,
emma galan ýary beter hyýally.