Bozuk oba

Ölenden soň öwüp, ýuwup günäsin,
adam etjek, atly etjek bolýarlar,
bilip eden, bilmän günä etmedik,
ýazyjy-şahyry, publisist, pylan,
bütin ömri abat güni bolmadyk,
alym çykjak bolup, bozuk obada,
adam bolup bilmän, edip bolýan zat,
at-dereje, baýrak, wezipe alyp,
garpyz salyp goltugyna aganyň,
kim bolsa, kim gelse sazyna galgap,
ýaşap geçen, eser ýazan pahyry,
ölenden soň öwüp, ýüzüni ýuwup,
adam etjek, atly etjek bolýarlar,
sebäbi bu bir adamyň derdi däl,
hasraty däl bir obanyň, şäheriň,
atly boljak bolýar bozulan süri,
şahyry bar, ýazyjy bar, alym bar,
diýmek, utanasy aýyp haly ýok,
bilinýäni 150 ýyl bolsa-da,
basyp alan ganym duşman özünden
egsik etjek bolup ýüz esse, belki,
basýarka depeden dabana çenli,
ähli diri öýjüklerin öldürip,
diri galmak üçin näme etmeli,
ýa-da nädip diri bolan bolmaly,
hatda ölüp, diri galan bolmaly,
aglamaly halda saçyňy ütüp,
ýylgyran bolmaly, gülen bolmaly,
kast etmeli gowulyga nähili,
özüňdäki, ilde, tapawudy ýok,
ownamagyň nusgasyny görkezip,
görkezip içmegi, pişe edinip,
azar berýän wyždan irkiler ýaly,
nirä barsaň diňe bolmaly ogry,
diňe ýalan sözlemeli, bu durmuş,
kime hezil berdi, kime ýylgyrdy,
emma muny açyk aýdyp bolmaýar,
ölenden soň, hatda hiç kim bolsa-da,
içip geçen, çekip geçen, bimessep,
özün satan, ilin satan, har bolup,
wah, gowudy diýip, köýýärler gitse.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024