A.K.-ny jaýlamadyklar we söz azatlygy
Olar kimler, günäleri nämedi,
ýat illerde näçe gezjek, gümana,
birden ýollar açylsa-da gitmesiz,
hiç geçilmez günäsi bar hamana,
ene, ata, diri bolsa, görmäge,
garrap ýa-da ölen bolsa bimahal,
zyýarat etmesiz, barmasyz bolan,
mazaryna gidenleriň garaşyp,
kimler olar, günäleri nämedi,
ýa kim bilen bilmediler ýaraşyp?
Dogry, adam hiç günäsiz bolmaýar,
uly, kiçi, günäsi bar doglanyň,
ýöne kazy, garalawçy kim munda,
neden hakyn iýmelimiş oglanyň,
boýdan-başa ikilige dolanan,
ölse-de hiç hory ýatmaz şermende?
Wah, o ölen, günäsi ýok, belki-de,
nobatdaky baýdak bolýar ellerde,
emma hakykaty diýmeli bolsa,
kommunistdi, Lenin baba dillerde,
çagalykdan sena boldy, ýuwuldy,
ne beýnisi galdy, ne galdy akyl,
emel barka, kürsi barka, pul barka,
arak barka, ärli aýal, dul barka,
adaty bir emeldardy, ýaşady,
döwran sürdi, aladasy il däldi,
emma birden wezipesi gidensoň,
ertekijik aýdyp berdi aljyrap,
özi ýaly aljyrana, pil däldi,
ýa at däldi, aýlawlary baglajak,
ýatan ýeri ýagty bolsun, pahyryň,
neden her bir ölen üçin aglajak?
Ýok, mesele ölenlerde däl asla,
dirilerde, belki, ýogalan birçak,
wezipe ýetmänsoň, ýetenden beter,
dile gezek ýetse, açylýar gerçek,
gara sanaw kagyzda däl, ýürekde,
alla, kime nädip söz hakyn berjek?