Tussag we türme
Eger adam gaçyp çyksa zyndandan,
dogmaz oglan, türmesini göterip,
hamyla dek, ýolda-yzda dogurman,
dagdan, düzden, derýalardan geçse-de,
öňünden çykana, yzdan ýetene,
ýa gapdaldan at goşana tötänden,
tussag gözi bilen seredip gorka,
gara güman, içindäki zyndanyn
geýdirjek bor çem geleniň başyna,
papagy dek başyndaky, iň arzan,
geljekmi ol, gelmejekmi ýaşyna,
ýa bar kişi oturjakmy süllerip,
tussag ýaly, sakçy görse utanyp,
sen adamy çykararsyň türmeden,
ýöne türme sypdyrarmy tutanyn?