Hiç kimiň işi
Hiç kişiniň işi ýokdur seň bilen,
adyň seniň näme bolsun, bolmasyn,
ýa ýanalsyn haýsy daşa, göwhere,
pygambere, hudaýa ýa, ölmesiz,
Allaberdi, Taňryberdi, Rahman bol,
Azym, Suhan, Möwlam bolsaň parhy ýok,
emma hakykata ýykylsaň bir gün,
haka gulluk etjek bolup ýürekden,
aýtjak bolsaň hakykaty ýek görlen,
haksyzlaryň ülkesinde ýüz ýyllap,
her kişiniň işi bardyr seň bilen,
begenerdim ol gün gelse, sowulsa,
ýalan çyksa bu howsala, bu elem.