Eger
Eger adam kast etmese, urmasa,
ahmal wagtyň gelip arkaňdan bijaý,
ýa töhmet atmasa görnetin, açyk,
ýaralaýyn diýip, saklaýyn diýip,
ýok edip bilmesem, entedip bolman,
boýy üçin ýigrenme sen ynsany,
toýy üçin ýigrenme sen ynsany,
ýigrenme sen ýasy üçin, nebela,
kän-le diýip süýşüp gelen mähelle,
kesekleme mazaryny merhumyň,
işi üçin, eden hyzmaty üçin,
özüne, iline sylagdan, belki,
az-da bolsa, eser galsa yzynda,
halaldyr ol, öz gzanan zadydyr,
özi bolsa, ýigrenme sen adamy,
meniň galybyma gelmedi diýip,
aýlawlymy, gönümelmi, sadamy.