Öleniň talaby

Ýykylaňda el bermedik ýatlary
ýatlamarsyň, kine saklap, gynanyp,
ýöne ýakyn düýpden başga mesele,
hamala görmedik, bilmedik bolup,
egbar, ejiz bilse, gülüp, eselip,
işi düşse, o ýere çen peselip,
seni utandyrjak unutsaň ertir,
bilmänmişiň haçan ýykyldy, gitdi,
beýlekisi, eýlekisi köpeler,
ýatladarlar – pahyr, bimahal ötdi,
diýmek, sen barmaly, papagyň geýip,
hemem ýalan sözlemeli aç-açan,
wah, neresse, gowy adamdy diýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022