Diwardaky hat
Adam başaranyn eder,
edip bilmez ähli işi,
bir adamlyk däldir dünýe,
soň diýer ol bir gün ýadap,
bilýärsiňiz, menem adam,
eger galsa kim soňuna,
aman bolsa başy, bili,
dili bolsa dil ýerinde,
ýa elleri galam tutsa
gürrüň berer bolanlary,
aýdar, ýazar, surat çeker,
düşündirer jikme-jigin,
bir zat goýman, soňuna çen
duranymyz gorap ili,
ýa-da durjak bolanymyz,
ýyllap edilende hüjüm,
maňa başgaň bagyşlany gerek däl,
bagyşlasyn naçar ejem.