Batan ulus

Düşünmek kyn, hemem aňsat batana,
gara başyn ýassyk ýerne howsala,
gara göriplige goýup ýatana...

Düşünmek kyn, ýöne beýle kynam däl,
hany bolan ýeňmek islär uruşda,
jany bolan ýeňilmegi islemez,
özüniňki çozsun ýa-da goransyn,
zulum näme, sütem näme, unudar,
goý, çeksinler bile jebir-jepany,
ozal, öňki uruşlarda ýeňilen,
gul edilen iller bilen, sedasyz,
goltuklary doldurylsa garpyzdan,
artyk saýyp özlerini, narpyz dek,
dünýä pitçiň atyp, ýaňsylap, gülüp,
iliň dilin, taryhyny basgylap,
ýene ýüz ýyl, belki, ýaşaman ölüp,
ogul-gyzy ejir çeksin geplemän,
özün ezýän ezijiniň öňünde,
agzyn açsa, barjak ýerin bilensoň,
diňe ile, basylana sowuk däl,
özüne-de ýüregi doň, bagry doň...

Düşünmek kyn, hemem aňsat gaçana,
ýurtdan çykan, uruş, gowga gerek däl,
iberjek däl ogul-gyzyn başarsa,
ýöne gitsin, başga bilen işi ýok,
öň hatarda iliň ogly bolmaly,
gowuk bolsun, ýa aç bolsun, nalaman,
garymynda bek durmaly, galmaly,
iň esasy ýeňilmesin beýik il,
gidermesin elden alan ýerlerin,
bu keselmi, hassalykmy dermansyz,
ýeri känler ýene diýýär ýer beriň,
ýöne ýerde ýaşamak ne, bilmeýär,
baran ýeri tozdy şu wagta çenli,
ulus bolup ulus bolup bilmedi,
üstesine akyl satýar, danamyş,
düşünmek kyn, hemem aňsat batana,
ili ýanan ilki özün ýanamyş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025