Araçy meselesi

Araçylar seni aralaýarmy,
sagdan gelip, soldan gelip, ýylgyryp,
öňden ýa-da yzdan gelip, howlukman,
hem o ýana, hem bu ýana gol berip,
ýa getirip getirmesiz gürrüňi,
ýetirmesiz ýere ýetirip ili,
uruşdurjak bolýar olar has beter,
halas edip gelejegin, belki-de,
gassaba ýag, belli, geçi gerek däl,
aralykdan urmak ajyň hyýaly,
araçydan, belki, ägä bolmaly,
döwlet äri, ýa biriniň aýaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024