Tomzak ýatlamasy
Altmyş ýaşan aýal gürrüňin berýär,
çagajykdym, gaty höwes ederdim,
tomsuna saçlaryn syrdyryp gelse,
çokul goýlan, tomzak goýlan joralam,
alyn saçly, zülplerini sypalap,
edil ertir boljak ýaly ulugyz,
emma ejem halamazdy bu işi,
kakam bolsa “oňaramok” diýerdi,
ahyry diýdiler sora daýyňdan,
gyzlaryna gulpak goýýan neşeläp,
emma olam, belki, aýdylan öňden,
“ýadyndan” çykaryp, gyrdy arzuwym,
ýarysy syrylan kellämi tutup,
möňňürip gaýdyşym ýadymda şindem,
hem ýadymda ýanly, ýansyz dawasy,
uzyn köýnek, kelte köýnek, beýleki,
ýa ýaglygyn başgarajyk daňanlar,
ýa gelinler, ýaşmagyny çeýneýän,
gep-gybatdy iki adam duşuşsa,
geçdimikä, gitdimikä diýerdim,
ösüşi goý, aşak düşer jemagat,
balakýüpä çenli peselse merdi.