Milli girdap
Çagasyna dönük ata,
çagasyna dönük ene,
okatmagyň deregine,
dok etmegiň deregine,
ruhuny, göwnün, ertir
öz ornuny biler ýaly,
alar ýaly etmäň ýerne,
yza çekip, kümsük edýän,
ýol öwredýän ýalan-ýaşryk,
diňe mal däl, pul däl, iliň
gelejegin çalar ýaly,
çalar ýaly küregini,
gaýygyny otlap, gülüp,
bular ýaly ýüregini,
edip bilse, peslik edýän,
biparh bolan bolup oýnap,
ikiýüzli ene, ata,
daşyn bezäp bütin ömri,
içi kine, kitüw kileň,
ile nirden wepa bersin,
ýurda nirden sapa bersin?..