Içdäki türme

Sen gapysyn döwüp gaçsaň,
türme bolan ýurtdan daşa,
pikir etme türme galar,
zyndan galar uzaklarda,
görseň, şindi türmesi ýok,
dürresi ýok demir, agaç,
açary ýok ýalpyldaýan,
gapy, gandal açmak üçin,
emma türme pikiri bar,
niýeti dar adam kändir,
olar seni güne goýman,
aýa goýman, bolsa eger,
gysar ýerden, gysar gökden,
çünki ýerin daraldarsyň,
peseldersiň asmanlaryn,
elek bilen ownuk gözli
suw çekmeseň toýlarynda,
ýaslarynda ýüzüň sallap,
öz agyňy aglamasaň,
birisini alyp egne,
beýlekisin alyp ele,
göýdük göwnün çaglamasaň,
götermeseň ýerden göge,
ýa bolmasa ýok bolmasaň,
iýjek bolar olar seni,
diýjek bolar diýmesizin,
ýykyp bilmän türmesini.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024