Halasgär we gaçgak

Bu bir belli, lenji çykan hekaýa,
ýadymda däl ilki haçan, nirede,
nähili ýagdaýda diňlänim ony,
gürrüň beren adam ýadymda emma,
sebäbi ol gaýtalardy, bir gezek,
iki gezek aýdyp oňmazdy asla,
käte üstüne-de goşardy toslap,
ýöne özen şeýle, goşsa, aýyrsa,
bir adam beýleki birini porsy,
hapa çukuryndan edipdir halas,
ýakasyndan towlap tutup, oýun däl,
şäher eteginde, jaryň boýunda,
onsoň olar ýatyrmyşlar gyrada,
haşylap dem alyp, agyrdan-agyr,
ahyry özüne gelişip ilki,
dil açypdyr halas edilen pahyr:
"Bu näme etdigiň, bolşuň näteňet,
haýyma-waýyma bakman çykardyň?”
Beýleki diýipdir: "Halas etdim men,
onda galsaň, yssa eräp-akardyň!”
"A-how, men o taýda ýaşaýan ahyr,
gaçyrdylar halasgärler sakydap...”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022