Diňleseň

Eger-de diňleseň, saňa
ertekiçi tapylar kän,
ogry bolsa, dogry diýip,
egri bolsa, diýip düzüw,
oklaw ýaly, bärrägi däl,
çelek agzyn çekip, büzüp,
adam ýerne arzan selle,
telpek ýa-da tahýa düzüp,
metjit bolsun ýa buthana,
ýa-da bolsun mejlishana,
öwrüp, belki, başga hana,
özüne çen bar barlygy
aşak etjek tapylar kän,
diňleseň, hak, öňýeteni,
ne din galar, ne-de iman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024