Problema

Durmuş diňe problema, kynçylyk,
a az bolsa, döretmeli täzesin,
olar muny däp edindi ymykly,
haýyn borsuň eger bermeseň häsin,
dönük borsuň yrgalara goşulyp
öz-özüňe garşy urmasaň teşe,
hem diýerler ner bolýandyr töwekgel,
maýa borsuň eger etseň endişe,
gaýgysyny etmeli däl ertiriň,
birigüniň, eger ynansaň hana,
hiç mantyk gözleme mantyksyz ilde,
manty gözle, mantykly iş şu bolar,
durmuş diňe problema, belki-de,
şondan başyn egip ýaşaýar olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022