Täze ýyl arzuwlary

Täze ýyldan arzuwy bar her kimiň,
biri ogla, biri gyza garaşýar,
biri özi geljek ýaza garaşýar,
ýigitler öýlenjek, gözeller çykjak,
birleri okajak, ýazjak birisi,
adammy arzuwsyz adam dirisi?

Menem her Täze ýyl arzuw edýärin,
aç galmasyn ýer ýüzünde hiç çaga,
türmä düşen çyksyn, giden dolansyn,
taýagyn ýitirsin taýakly aga,
ýykylan dikelsin, aglan ýylgyrsyn!

Täze ýyldan arzuwy bar her kimiň,
biri ýeter ýaly aýlyk isleýär,
biri hiç tükenmez baýlyk isleýär,
biri maşyn aljak, biri jaý saljak,
biri hiç iş etmän ömürlik galjak,
biri ýurtdan gaçjak başyny alyp,
biri ýurda dönjek gözýaşyn sylyp...

Menem her Täze ýyl arzuw edýärin,
ogry dogryň depesinde durmasyn,
egri dürsüň arkasyndan urmasyn,
ýalançy ýalandan saklansyn, dänsin,
talaňçyň gallaja rehimi insin,
Ýeriň gyzan gerşi sowasyn biraz,
adam jylawyndan çeksin-de nebsiň...

Bular uly zatlar, boljak, bolmajak,
içimde bir arman aglaýar sojap,
bir “bagyşla” diýip bilsem atama,
bir bagryma bassam ene mazaryn,
hem egsikden aljak bolmasam arym...

Täze ýyldan arzuwy bar her kimiň,
adam bolan eýe bolsun erkine!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024