Adamsyň...

Adamsyň, ýagşyň-da, ýamanyň-da bor,
käte mamla borsuň, käte bimamla;
Kä gülersiň gözüň ýaşlap şatlykdan,
käte gowzamaly bolarsyň aglap...

Adamsyň, bazardyr durmuş bir ýandan,
satmagyň-da mümkin, satylmagyň-da;
Bir ýanyň uruşdyr, bir ýanyň baryş,
atmagyň-da mümkin, atylmagyň-da.

Adamsyň, ozaly özüňden, soňra
gypynç etmän çalt öwýänden çekin.
Sebäp çalt söýen çalt ýigrener,
hemem çalt sögüp gyzdyrar çetiň.

Bu-da hiç diýersiň, emma çalt sögýän
çalt gelip yzdan urubam biler;
Geçirseň ýa gezseň bilmedik bolup,
ýaralap, öňüňde durubam biler.

Diýmek, çalt öwýän, çalt sögýänden,
hemem çalt urýandan ägä bol gaty.
Sebäbi çalt urýan çalt ýaralap,
öldüribem biler ýetip ýa atyp...

Dogry, çalt öwýän, çalt ýigrenýän
çalt ökünibem biler edenne.
Ýöne öldürleňden, gömüleňden soň,
tentek tobasyndan ne peýda saňa?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024