Surat

Özboluşly utulyş

Ozal bolşewikden utulan millet,
wagon-wagon soldat gelip, gyrylyp,
ak mekdepde, gazetli ýa žurnally,
ýetmiş ýyllap depesine urulyp,
gelip-gelip öz-özünden utuldy,
gelip-gelip öýün talaýar indi,
ýykjak bolýan ýaly ýurdun, milletin,
gaçyp çykanynyň yzyndan zyňýar
daşdan agyr bahyllygyn, minnetin,
nämemişin, gutarmaýar zulmatdan,
elini tutmaýar urýanyň özün,
dilini tutmaýar özüni aldap,
özi özün öwüp tutýanyň gözün;
ozal özgelerden utulýardy ol,
bu gün öz-özüni ýok edýär dözüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024